21-nji fewralda Türkmenistanda daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet bäsleşiginiň ikinji tapgyry, ýagny Aşgabat şäheri we welaýat tapgyry üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan gurnalan bu bäsleşik, okuwçylaryň bilimini barlamak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we daşary ýurt dillerini öwrenmegiň hilini ýokarlandyrmak maksadyna gönükdirilendir.
Şu ýyl bäsleşik eýýäm üçünji gezek geçirilýär we iňlis hem-de rus dilleri boýunça dört ýaş derejesi boýunça bäsleşikleri öz içine alýar. Ikinji tapgyra birinji tapgyrda ýeňiji bolan ýurdumyzyň dürli bilim merkezleriniň gysga möhletli okuwlarynyň 705 diňleýjisi gatnaşdy.
Gatnaşyjylaryň geografiýasy Türkmenistanyň ähli sebitlerini öz içine aldy:
Aşgabat we Ahal welaýaty — 174 gatnaşyjy
Balkan welaýaty — 83 gatnaşyjy
Daşoguz welaýaty — 122 gatnaşyjy
Lebap welaýaty — 121 gatnaşyjy
Mary welaýaty — 205 gatnaşyjy
Bäsleşikleriň netijelerine laýyklykda 203 diňleýji 2025-nji ýylyň 19-20-nji martynda geçiriljek jemleýji üçünji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşigiň ýumuşlary emeli intellekt tehnologiýalary ulanylyp taýýarlanyldy we ol aýdyňlyk we açyklyk ýörelgelerine laýyklykda Merkezi guramaçylyk toparynyň berk gözegçilik etmeginde geçirildi.
Ikinji tapgyryň ýeňijilerine Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň degişli derejelerdäki diplomlary gowşuryldy. Ýurdumyzyň iň zehinli ýaşlarynyň indiki bäsleşige saýlanyp alnandygyny göz öňünde tutamyzda, onuň jemleýji Döwlet tapgyrynyň has-da çekeleşikli boljakdygyny görkezýär.
türkmenportal
25.02.2025