Şu gün «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş edaralarynyň işjeň ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda «Sagdyn durmuş ýörelgesi — Arkadagyň göreldesi» atly maslahat duşuşygy geçirildi. Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde geçirilen çärä şäheriň çäginde hereket edýän saglygy goraýyş edaralarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen maslahatda çykyşlara giň orun berlip, olarda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» öňde durýan wezipeler, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler, şol sanda Arkadag şäherinde bina edilen saglyk maksatly desgalar, şeýle hem Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurluşyk işleri ýokary derejede alnyp barylýan «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy barada täsirli gürrüňler edildi. Ynsan saglygyny baýlyklaryň seresi saýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza döwletli işleri üçin tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri beýan edildi.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.