TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY ÖSÜŞI: TÜRKMEN-OWGAN HYZMATDAŞLYGY BERKIDILÝÄR

Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat – Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy – Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy – Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berilmegi, şeýle hem Serhetabat – Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň we Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekediniň işe girizilmegi mynasybetli amala aşyran iş saparynyň ähmiýetini giňişleýin wagyz etmek maksady bilen gepleşik taýýarlanyldy. Gepleşikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Beýzaly Ataýew Arkadag şäher energoönümçilik birleşiginiň önümçilik tehniki we uzakmöhletleýin ösüş bölüminiň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Kuwwatgeldi Çaryýew bilen söhbetdeş boldy. Guramaçylykly geçen söhbetdeşlige Arkadag şäheriniň bu ugurda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlary hem onlaýn görnüşde gatnaşyp, döwletimiziň ykdysady ösüşleri, aýratyn-da ýurdumyzyň tebigy baýlyklary dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler.

Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerinde hoşniýetli Bitaraplyk syýasatyna eýerilip, durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler üçin hoşallyk sözleri buýsançly beýan edildi.

Mekan AMANLYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar