Şu gün Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen binýady goýlan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti hem-de Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat – Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy – Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy – Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berilmegi, şeýle hem Serhetabat – Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň we Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekediniň işe girizilmegi mynasybetli geçirilen çäreleriň ähmiýeti dogrusynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik ýazgy edildi.
Onda täsirli söhbetler edilip, olarda sebitiň ýurtlary bilen özara bähbitli we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmakda alnyp barylýan işler, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryny özünde jemleýän ýurdumyzyň ykdysady ösüşleri dogrusynda gürrüňler edildi. Şeýle hem türkmen halkyna mahsus ynsanperwerlik häsiýeti esasynda goňşy döwletlere berilýän hemaýat-goldawlar barada hem çykyşlarda aýratyn bellenildi.
Bitarap ýurdumyzy parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip, ösüşiň täze belentliklerine sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri her bir çykyşda buýsançly beýan edildi.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.