Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Edermen türkmen alabaýy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen söhbetdeşlige Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy, ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Söýenç Ahmedow, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň uly mugallymy, Oba hojalyk ylymlarynyň kondidaty, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy Myrat Rejepgulyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri Ahmet Gyşykow hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 3-nji ýyl talyby Japarberdi Japarow gatnaşyp, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyza goýulýan belent sarpa, şol sanda gaýduwsyzlygyň we mertligiň nyşany, adamyň wepadar dosty saýylýan alabaý itlerini gorap saklamak, olaryň arassaganlylygyny gazanmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüňdeş boldylar.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.