Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň hem-de Aşgabat şäher 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkara Zenanlar güni mynasybetli Büzmeýin etrabynyň Medeniýet öýünde “Zenanlar – ýaşaýşyň gözelligi” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Çärede ösüp gelýän ýaş nesliň zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny has-da kämilleşdirmek, şeýle hem ýurdumyzyň ählumumy abadançylygynyň, gülläp ösüşiniň bähbidine gönükdirilen parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we halkara hyzmatdaşlygy bilen bagly birnäçe çykyşlar edildi.
Aýdym-sazly baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Aýnagözel ORAZDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Büzmeýin etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.