SAHNA OÝNY GÖRKEZILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda talyp ýaşlaryň hem-de dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň gatnaşmaklarynda Aýdym-sazly gülki agşamy görkezildi.

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň wekilleri, işjeň agzalary, şeýle hem edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar we talyplar gyzykly sahna oýnunyň tomaşaçylary boldular.

Sahna oýnunda ýaşlaryň durmuşynda gabat gelýän ençeme pursatlar janlandyryldy. Olarda watansöýüjilik, wepadarlyk, adalatlylyk ýaly ynsanperwer häsiýetler hem öz beýanyny tapdy.

Serdar NAZAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

28 Fewral 2025 | 0 okalan

SAHNA OÝNY GÖRKEZILDI