AÝDYM-SAZLY DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Köpetdag etrap häkimliginiň hem-de «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Ylham” seýilgähinde şahyr Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli ýaşlaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Döredijilik duşuşygynda çykyş eden ýaşlar Gurbannazar Ezizowoň ömri, döredijiligi, goşgulary hem-de meşgullanan zergärçilik işleri barada söhbet etdiler. Üstünden ýyllaryň geçendigine garamazdan, şahyryň goşgulary häzirki wagtda hem uly höwes bilen okalýar.

Çäräniň ahyrynda aýdym-sazly döredijilik duşuşygyna gatnaşan ýaşlar ýazyjy şahyrlarymyzy ýatlamaga, hormatlamaga, olaryň ömri we döredijiligini içgin öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Merdan ORAZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Öňki makala

SAHNA OÝNY GÖRKEZILDI

Meňzeş habarlar

28 Fewral 2025 | 0 okalan

SAHNA OÝNY GÖRKEZILDI