ENERGETIKA HYZMATDAŞLYGY DÜNÝÄNIŇ ÜNS MERKEZINDE

Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli we işjeň, türkmen döwletiniň milli bähbitlerini, adamzat gymmatlyklaryny we halkara hukuk ýörelgelerini ileri tutýan daşary syýasaty bütin dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan barha uly gyzyklanma we goldaw tapýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur syýasy-diplomatik parasady, açyklygy we halkara hyzmatdaşlygynyň öňdäki sepgitlerine gönükdirilen başlangyçlary Türkmenistanyň halkara ulgamyndaky parahatsöýüjilikli keşbine täze öwüşginleri berýär. Hormatly Prezidentimiziň tutanýerli syýasatynyň giň göwrümli maksatnamalarynyň biri hökmünde dünýäde we sebitde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugrundaky başlangyçlaryny we durmuşa geçirýän çärelerini görkezmek bolar. Bu umumadamzat bähbitli syýasat häzirki wagtda   mazmun taýdan barha baýlaşýar we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.

Energiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň halkara hukuk binýadyny berkitmek we syýasy-diplomatik taýdan netijeli çäreleri alyp barmak bilen bilelikde, Türkmenistan bu örän ähmiýetli meseläniň söwda-ykdysady, dünýä bazary, diwersifikasiýa we turba geçirijileriň köp ugurly taslamalaryny amala aşyrmak, energiýa serişdelerini öndürmegiň, daşamagyň we sarp edişiň infrastrukturasy bilen bagly ugurlara hem uly üns berýär. Halkara energiýa syýasaty energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, energiýa serişdeleriniň eksport we import ugurlarynyň köpdürliligini üpjün etmek,  halkara energiýa syýasatyny alyp barmakda ýüze çykýan töwekgelçilikleri azaltmak ýa-da düýpli aradan aýyrmak ýaly wajyp çäreleriň toplumlaýyn we köptaraply häsiýetde amala aşyrylmagyny talap edýär. Türkmenistan sebitiň we dünýäniň iň ygtybarly we iri energetiki döwleti bolmak bilen, ýokarda bellenen ugurlarda halkara bileleşiginiň tagallalarynyň netijeli bolmagy üçin hyzmat edýän maksatnamalaýyn we uzak möhletlere gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirýär. Muňa mysal hökmünde, BMG-niň Baş Assambleýasy, dünýä bileleşiginiň ýurtlary energiýa howpsuzlygy barada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe süren başlangyçlaryny we tekliplerini dolulygyna goldaýandygyny aýdyp bolar.

Türkmenistan halkara energiýa syýasatyny dörediji we işjeň alyp baryjy taraplaryň hatarynda bolmak bilen, örän baý uglewodorod çeşmelerine eýe döwlet hökmünde tanalýar. Şeýlelik bilen, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan daşary syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolan köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk babatynda maksatlaýyn alnyp barylýan çäreleriň yzygiderli amala aşyrylmagy biziň döwletimiziň XXI asyryň dünýä energiýa syýasatynda tutýan mynasyp ornunyň we ähmiýetiniň mundan beýläk hem ýokary derejelere göteriljekdigini ynamly aýtsa bolar.

 

Gözel KUŞMEKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

27 Fewral 2025 | 1336 okalan

ÜSTÜNLIK HAKYNDA