Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň ady dünýä dolýar. Geçen ýylda beýik akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde giňden dabaralandyrylmagy hem munuň şeýledigini subut etdi. Şanly ýyl mynasybetli dürli şygarlar astynda guralan döredijilik duşuşyklarydyr bäsleşikler, aýdym-sazly dabaralar, maslahatlar we beýleki köp sanly çäreler köpöwüşgünliligi we täsirliligi bilen ýatda galdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny sowgat etmegi bolsa geçen ýylyň şatlykly wakalarynyň birine öwrüldi. Türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratynlykda çap edilen bu kitapda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, dünýä edebiýatyna goşan ägirt uly goşandy, akyldaryň ömri we döredijiligi barada täsirli jümleler bar. Bu bolsa, kitaba bolan gyzyklanmany artdyryp, döwrümize mynasyp nesilleri kemala getirmekde gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynda: «Magtymguly Pyragy türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy we Gündogaryň meşhur akyldarydyr. Onuň eserleri köp dillere terjime edilip, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girdi» diýip belleýär. Bu çuň manyly jümlede akyldar şahyrymyza goýulýan belent sarpa dabaralanýar.
Bizi buýsandyrýan zatlaryň biri-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen taryhy ýylda paýtagtymyzyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we şahyryň beýikligi 60 metr bolan ýadygärliginiň açylmagy, şeýle-de akyldar şahyrymyzyň eserlerini öz içine alýan «Magtymguly» atly kitabyň neşir edilmegi boldy. Bu zatlar her birimizde çäksiz buýsanç we şatlyk duýgusyny döretdi.
Türkmen halkyny Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasyna ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
Azat HALMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Kaka etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.