Ýakynda Türkmenistanyň Telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň mejlisler zalynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli “Parahatlyk ýürek buýsanjy” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Duşuşygyň başynda Türkmenbaşy dokma toplumynyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň wekili çykyş edip ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri we daşary döwletleriň arasynda öňe sürýän bitaraplyk, dost-doganlyk ynsanperwer ýörelgeleri hakynda söz açdy. Çykyş edenler “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň başynda gazanan üstünliklerimiz barada söz açyp, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýyna uludan taýýarlyk görülýändigini bellediler .
Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşanlar asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde ýaşamaga, döretmäge, halal zähmet çekmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Osman AŞYROW,
Türkmenbaşy dokma toplumynyň
Magtymguly adyndaky ilkinji
Ýaşlar guramasynyň başlygy.