Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň guramagynda 65-nji orta mekdepde okaýan ýokary synp okuwçylaryň arasynda wagyz nesihat duşuşygy geçirildi.
Okuwçylaryň arasynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşanlar ýurdumyzda ýaşlaryň bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent nesliň kemala gelmegi ugrunda alnyp barýan uly işler barada belläp geçdiler.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda çykyş edenler ýurdumyzda ýaşlara döredilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Röwşen MODYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň
esasy hünärmeni.