TÜRKMENISTANDA ÝAŞ YKDYSATÇYLARYŇ ARASYNDA STARTAP BÄSLEŞIGI GEÇIRILER

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty 2025-nji ýylyň 14-nji martynda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Ýaş ykdysatçylaryň startap bäsleşigi: Innowasiýa ykdysadyýeti» atly bäsleşigi geçirmegi meýilleşdirýär.

Bu çäräni geçirmegiň esasy maksatlary zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we innowasion taslamalaryna gatnaşmagy höweslendirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny wagyz etmek bolup durýar.

Bäsleşik şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanda sanly bilimi ösdürmegiň konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny» durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirenler Düzgünnama laýyklykda taýýarlanan startap taslamalaryny 2025-nji ýylyň 6-njy martyna çenli mailto:tdydi.startap@sanly.tm elektron poçtasyna iberip bilerler. Bäsleşigiň düzgünleri institutyň tsiem.edu.tm saýtynda ýerleşdirilendir.

 

Turkmenportal

03.03.2025