Zenan maşgala ojagynyň daýanjy, ähli gözellikleriň seresidir. Türkmen halkynyň ene – mamalarymyza, gelin - gyzlarymyza goýýan hormaty gadym zamanlardan bellidir. “Gyz edebi – il edebi”, “Gyzly öý – gyzylly öý”, “Gyzym – gyzylly halkam”, “Enem – käbäm, atam kyblam”, “Ene eli em, dili melhem” “Ata sözi hikmet, ene sözi rähnet”, “Gyzly öý - soltanly öz” ýaly dürdäne sözleri türkmen halkynyň arasynda zenan mertebesiniň, hormatynyň mydama belent tutulýandygyny subut edýär.
Asyrlaryň dowamynda kämilleşip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen gadymy halyçylyk sungaty, el işleri türkmen zenanlarynyň ruhy gözelliginiň aýnasydyr. Olaryň yhlasly zähmeti, jöwher zehini bilen dörän keşdeçilik, halyçylyk sungatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli gymmatlyklarymyzyň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrýar.
Häzirki döwürde mynasyp durmuş we döredijilikli zähmet çekmek üçin ýurdumyzyň zenanlaryna ähli şertler döredilýär, gender deňligi kanun arkaly üpjün edilýär. Olaryň hukuklaryny we bähbitlerini, maşgalany goldamak, eneligi we çagalygy goramak babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üns merkezinde durýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 8-nji mart “Halkara zenanlar güni” giňden bellenilip geçilýär. Ýurdumyzyň gülläp ösmeginde zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişýändiklerini nazara alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurduň aýal – gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda” buýruga gol çekdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şeýle buýsanjyň eýeleri , güler ýüzli , mylaýym sözli zenanlarymyzyň, mylakatly, dilleri senaly enelerimiziň, bahar bägülleri ýaly owadan gyzlarymyzyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlary çäksizdir.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda bagtyýar durmuşda ýaşaýan maşgala ojagyna wepaly, zähmetsöýer zenanlarymyzyň, mylakatly, dilleri senaly mähriban enelerimiziň, “Halkara zenanlar güni” baýramy bilen gutlaýaryn. Zenanlarymyza, mähriban enelerimize bagtyýar durmuşda ýaşamak üçin, işlemek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Nurgözel ANNADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Büzmeýin etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.