KÖPETDAG ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI

Ýakynda Aşgabat şäheriniň 84-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli geçirilýän “Iň eýjejik gyzjagaz – 2025” atly şadyýan bäsleşigiň Köpetdag etrap tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň 1-nji şerti boýunça gyzjagazlar bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. 2-nji şerti boýunça bäsleşige gatnaşýan gyzjagazlar milli egin-eşiklerini geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etdiler. 3-nji şerti boýunça gyzjagazlar öz ýaş aýratynlygyna görä, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işlerini ýerine ýetirmekde bäsleşdiler.

Gyzgalaňly geçen bäsleşikde 1-nji orna Aşgabat şäheriniň 31-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Bilbil Öwezmyradowa, 2-nji orna 38-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Aýlar Allaberdiýewa, 3-nji orna bolsa, 52-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Sapargül Derýaýewa dagylar mynasyp boldy. 1-2-nji orna mynasyp bolan eýjejik gyzjagazlar bäsleşigiň şäher tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýeňiji bolanlara we bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary hem-de höweslendiriji sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Nurmuhammet DÖWLETOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Köpetdag etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar