«HALKARA ZENANLAR GÜNI» MYNASYBETLI AÝDYM-SAZLY DUŞUŞYK GEÇIRILDI

«Halkara zenanlar güni» mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Dünýä bezegi – zenan kalby» atly brifing geçirildi. Duşuşygyň dowamynda sungat ussatlary Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdi.

Brifinge gatnaşyjylar täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, Watanymyzyň şöhratly zenanlaryna goýulýan sarpa hakynda temalar bilen çykyş etdiler. Duşuşygyň ahyrynda ýaşlara saýlap alan hünärinden döredijilik zehinini açyp görkezmekde giň mümkinçileri döredýän we halkara hyzmatdaşlygynda türkmen ýaşlaryna giň orun berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Dünýägözel BAÝMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň

esasy hünärmeni.