Agzybirlik, ruhy birlik, döwletlilik babatda Oguz hanyň bu sözüniň gymmaty müňýyllyklar geçip könelmändir. Bu sözlerden islendik jemgyýet, islendik döwlet özi üçin bahasyz baýlygy tapyp biler. Beýik Oguz han atamyzyň parasaty biz –türkmenler üçin bolsa aýratyn gymmatlydyr, beýik mekdepdir. Şeýle parasata uýup, bitewüligi elden bermän, biziň halkymyz hemişe öz bagtyny gorap biler, öz döwletliligine, ýol-ýörelgesine guwanyp hem ony ösdürip ýaşap biler.
Oguz hanyň her sözünde, wesýetinde, edil pygamber hadyslaryndaky ýaly, düýpli many bar. Men olary hemişe-de dykgat bilen okaýardym. Göwnüme has ýaranlaryny bolsa, hemişe el ýüzünde bolar ýaly, özüme ýazyp alypdym. Şol ýazgylarymdan käbirini size-de ýetireýin:
«Eger bäş ýüz ýyl bolsun, müň ýyl bolsun, ýada on müň ýyl bolsun, tapawudy ýok, perzentler doglup, atalarynyň ýerine geçenlerinde, menden ýadygär galan düzgünleri we ýörelgeleri saklap, ýok etmeseler, Gökden olaryň döwletine medet geler. Daýym aýşy-eşret içinde bolarlar.
Haktagala olara gowulyk eder, nygmatlar berer. Älem halky olara doga eder, ömürleri uzyn bolup, döwletli we nygmatly bolarlar».
«Kim syýasatda ýagşy bolsa, hökümdarlygy dowamly bolar».
«Mundan soňra ýene-de patyşalardan we hanlardan köp ogullar dünýä gelerler. Eger olaryň ýanlaryndaky ulular, begler, pälwanlar düzgüni ýörelgäni berk tutmasalar, hanlyk we patyşalyk işi sarsyp, ýok bolar. Şonda Oguz hany arzuw ederler, emma ol bolmaz, ony tapmazlar».
«Tümen begleri, müňbegiler we ýüzbegiler owal-ahyr geler-giderler. Emma Oguzyň öwüdini tutmasalar, goşunlara ýolbaşçylyk edip bilerlermi? Öz ýurtlarynda oturyp galanlar we öwüdi diňlemedikler, uly suwa gaçyp çykmadyk ite ýa-da gür tokaýyň içine atylan oka meňzärler. Onuň ýaly kişiler ýolbaşçylyga ýaramazlar». «Her kim öz öýüni päk tutup bilse, mülk we yklymy hem ogrudan we ýalançydan arassalap biler». «Üç bilimdaryň ylalaşan sözüni her ýerde diýmek bolar. Bolmasa, oňa ynam etmek bolmaz».
«Her at semizlikde gowy çapsa, orta etli we arryk bolanda-da gowy çapyp bilse, ol ata ýagşy at diýmek bolar. Emma şu üç ýagdaýyň birinde gowy çapyp bilmese, ol ata ýagşy at diýmek bolmaz». «Ýolbaşçylyk (serkerdelik) edýän we tamam esgerleri bilen awa we söweşe gidýän uly begler öz a:tlaryny belli ederler. Mydama Haktagala haýrydoga kylyp, köňüllerini Oňa baglap, ýeňiş we gowulyk dilärler. Şonda gadym Taňrynyň kuwwaty bilen çar tarapy tutup biler». «Goşuna gireniňizde, ýaňy dogan göle kibi
ümsüm boluň, söweş edeniňizde, aw üstüne eňen aç bürgüt ýaly boluň!» «Är kişi, hemme ýerde özüni halka görkezer ýaly, Güneş däldir». «Ýagşy är ýagşy hatyndan bellidir...».
«Bezirgenler zerli matalar, taňsyklar we bazar ýükleri bilen gelenlerinde, köňülleri kuwwatly we umytly bolar. Şonuň ýaly, goşun begleri hem öz esgerlerine ok atmagy, at segretmegi we göreş tutmagy gowy öwretmelidir». «Patyşa gije Haktagala dergähinde dogada bolmalydyr. Gowulyk we keramat dilemelidir. Gündiz halka patyşa bolmalydyr». «Soňky patyşalar öňki ýaşap geçen patyşalaryň
haýyrlaryny we ýagşylyklaryny ýok etmesinler. Şonda olaryň hem eden haýyrlary jahanda baky galar». «Patyşalaryň hemdemleri, söhbetdeşleri, ýaranlary we bile oturyp-turuşýanlary akylly, görkli, belent asylly, abraýly, päk, namysly, hoş häsiýetli, şirin sözli, dünýäni gören, yklymy gezen, durmuş synaglaryndan geçen, ajyny-süýjini dadan kişiler bolmalydyr».
«Patyşanyň kethudasy we weziri patyşanyň baýlygyndan onuň dinine has mähribanlyk edýän we raýata adalatsyzlygy rowa görmeýän kişi bolmalydyr».
«Patyşalar öýsüzleriň we ýetimleriň atasydyr. Baý ata bilen ýoksul atanyň arasynda parh bolar ýaly, patyşa olara atalaryndan hem artyk hossarlyk etmelidir».
«Il-ulus, ýurt tutmak uly işdir».
«Hiç kim hyýanat, ogurlyk we haramlyk etmez ýaly, haýyn we günäli kişileriň çäresini görmek gerekdir. Zorluk we zulum edijiler möwç almaz ýaly, zorluk we zulum gören kişileriň dadyna ýetişmelidir».
Oguz hanyň parasaty asyrlardan-asyrlara geçip, ähli döwürlerde din-ygtykat, ýol-ýörelge baýdagy bolupdyr. Gorkut ata ýaly danalar Oguz hanyň parasatly sözlerini ýat tutupdyrlar, öz döwrüniň oguz wakalaryny rowaýat edipdirler, şeýdip bütin Oguz kowumynyň danasyna öwrülipdirler.