GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNDAN

Agzybirlik il-halkymyzyň owal-ahyr ygrarly, tutuş durmuşynyň manysyna öwren ýörelgesidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe il bähbitli tutumlary durmuşa geçirmekde halkymyzyň agzybirligi oguz döwletliliginiň dowamlylygydyr. Türkmen döwletinde ynsanyň gadyr-gymmaty hemişe

belentdedir. Bu berk ýörelge Türkmenistanyň kanunçylygynda hem öz beýanyny tapdy. Agzybirlik bagtyň gönezligidir. Agzybirlik döwletli bolmagyň ilkinji hem birjik-de ünsden düşürilmesiz kadasydyr. Gojalarymyzyň, mähriban enelerimiziň senaly dilinde hem ilki bilen agzybirlik bilen baş saglygy bar. Agzybir ilimiziň ata-baba ýörelgelerini dowam etdirip, öz döwletli ojaklarynyň, kuwwatly türkmen döwletiniň abraýyna abraý goşýandyklary çäksiz begendirýär. Hawa, halkyň ykbalynyň çylşyrymly pursatlarynda hem: «Depä çyk-da seret, iliň ugry hanjak (nirä) bolsa, senem şo ýana git», «Il bilen gelen - toýda-baýram», «Dinden çyksaň çyk, ilden çykma» diýilýär. Bu köpçüligiň geňeşip gelen netijesine adalatly garaýyşdyr. Bir däl-de birnäçe netijäniň seljerilmesidir. Bu ýerde esasy pikir: «Il aýtsa, galp aýtmaýar» diýen has düýpli netijede ykrar edilýär. Bu ynam – durmuşyň öňe çykaran şu kesgitlemesi agzybirligiň hakyky gymmatyny aýdyň etdi. Şeýlelikde, ol halkymyzyň durmuş barada kemala getiren ylmynyň merkezi güýjüne öwrüldi.

Ýaşaýşyň kanunalaýyklygynyň özeninde ýaşady, asmanyň, Zeminiň bitewüliginiň ägirt uly ýaşaýyş güýjüni dabaralandyrdy. Janly-jandarlaryň ýaşaýan ýerleri – olaryň örüsi Watanydyr, halkyň paýhasyndaky «Towşana dogduk depe» diýen kesgitlemedir. Ynha, munuň şeýledigi şu tymsaldan hem görünýär:

«Mähnet gara möý nirädir bir ýana okdurylyp barýardy. Birden onuň nazary garynjalaryň mesgenine kaklyşdy. Ol badyny gowşadyp, garynjalaryň üýşen ýerine golaýlaşdy. Ýaňky äpet gara möý ýyldyrym çaltlygynda öwrümler edip, garynjalaryň bir çetinden girdi. Garynjalar hem aldaja aňsat aw bolmajak bolup, jan aýaman söweşýärdiler. Ýöne möý garynjalardan has uly. Ol garynjalary paýhyn edip

barýardy. Şol mahal täsin bir waka boldy. Garynjalar möýüň daşyny halkalaýyn gurşap, gyradeň yza çekil- diler. Uzaklyk ýarym ädim çemesi bolanda, olar ýer süýşen ýaly bolup, öňe eňdiler. Garynjalardan ýaňa onuň endam-jany görünmedi. Sähel salymda ahmyrly garynjalar çagyrylmadyk myhmanyň her tikesini bir ýana süýrediler...». Gör muny, agzyň bir bolsa, janly-jemendäniň ulusy-kiçisi ýok, ýeňmejek güýji bolmaz eken.

Ir döwürlerde türkmen obasynyň deňinden geçip barýan ötegçi ilki bilen ondaky tamdyrlara syn edipdir. Sebäbi, eger-de obada her syrgynda ýa-da her ýerräkde bir tamdyr bar bolsa, bu obanyň agzybirligini aňladypdyr. Her öýüň deňinde tamdyr bar obany olaryň bir agza bakdyryp bilýän dana ýaşulusy bolmandyr. Il agzala bolsa, oňa başga ýerden zelel gelmegi hökmanam däl, sebäbi agzalanyň bar ýagysy özünde. Ýaňy-ýaňylar hem obalarda bir tamdyra ot goýberilip, şoňa beýleki goňşular hem üýşerdiler. Munuň tamdyr towuny tygşytlamak, wagty tygşytlamak üçinem amatly boljagy görnüp dur. Ýa-da goňşular üýşüp, bir ojagyň başynda nahar bişirerdiler. Şeýle öý bolsa hemişe toý märekesini ýadyňa salýar. Halkymyzyň toý däp-dessurlaryndan hem agzybir durmuşyň nähili gyzyklydygy we manylydygy duýulýar.

Meňzeş habarlar