ALYNYŇ YZYNY ÇALYP...

«Kyssaýy Ýusup» poemasy bilen meşhurlyk gazanan we XIII asyrda ýaşap geçen türkmen şahyry Alynyň ömri hakynda

Meşhur «Ýusup-Züleýha» kyssasynyň türki dilindäki ilkinji nusgasy bolan Alynyň «Kyssaýy Ýusup» poemasy üstünden sekiz asyr geçse-de, gadyr-gymmatyny ýitirenok. Gürrüňi edilýän poemanyň awtory Alynyň ömri hakynda bolsa, şu wagta çenli eserinde berilýän maglumatlardan başga anyk salgylanarlyk zat ýok. Ýöne alymlaryň yzygiderli gözlegleri netijesinde Aly şahyryň ömri bilen bagly maglumatlaryň üsti ýetirilip gelinýär. Atabaý Nazarow çapa taýýarlan kitabyna ýazan makalasynda Alynyň 1170 — 1235-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçendigini çaklaýar. Ol şahyryň kakasyna Mir Hoja diýilendigini we Alynyň Horezmde bilim alyp, ol ýerde ömrüniň 40 ýylyny geçirip, müderrislik edendigini ýazýar. Alym makalasynda berýän maglumatlaryny degerli deliller bilen subut edýär. Şahyryň doglan ýyly Horezmşalaryň gülläp ösen döwrüne gabat gelýär.

Aly barada taryhçy Täjeddin Ýalçygol oglunyň ýazgylarynda, tatar alymlarynyň ylmy işlerinde dürli hili maglumatlar saklanyp galypdyr. Olarda şahyryň doly adynyň Gul Aly Mir Hoja (käbir ýerlerde Mir Hajy) ogly Kaşany bolma ähtimally bar diýlip bellenilýär. 

Şahyryň adynyň öňünden getirilýän Gul sözi onuň edebi lakamy, Aly öz ady, Mir Hoja (Mir Hajy) kakasynyň ady, Kaşany bolsa nirelidigini aňladýan nisbesidir. Alynyň gul edebi lakamyny almagy Gündogardaky edebi däpler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şahyryň öz ady düşnükli, kakasynyň adynda hem şeýle özgerişler bolup biler. Mir – bu Emir sözüniň gysgalan görnüşi, Hoja bolsa tiresiniň ady bolmagy hem ahmal. A nisbesi Kaşan barada nämeleri aýdyp bolarka? Bu barada nireden maglumat ýüze çykdyka? Elbetde, şahyryň öz poemasynyň Sank-Peterburgda saklanylýan golýazmasyndan. Bu golýazmada şeýle setir bar: «Men Kaşany zagyp bende adym Aly». Diýmek, ýene maglumat çeşmesi eseriň golýazmalarynyň biri. Onuň hakykata ýakynlygy-da belli bir derejede ýokarydyr. Geliň, Kaşan şäheri barada bilýän maglumatlarymyza seredip göreliň.

Bu şäheriň ady Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlüginde, Gulibef Blokwiliň «Türkmenleriňkide ýesirlikde» kitabynda, S.Atanyýazowyň ýer-ýurt atlarynyň toponimik sözlüginde duş gelýär. Bu Kaşan şäheriniň Eýranyň Yspyhan sebitlerinde ýerleşýän bir şäheridigini aýtmak bolar.

Kaşan şäheri – merkezi Eýranda bir welaýat we onuň merkezi şäheriniň ady diýlip, Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlüginde bellenilýär. Şol döwür, ýagny XIII asyryň başynda bu ýerler Horezmşalar türkmen döwletine degişlidi. 

Türkmen halk dessany «Asly–Kerem» dessanynda hem «Durnam, sen gider Kaşana, Garly daglardan aşana» diýen setirler bar. Diýmek, türkmen halk dessanynda onuň ady agzalýan bolsa, şäheriň gönüden-göni halkymyz bilen baglanyşygy bolaýmaly, onda-da türkmen döwletiniň düzüminde bolup. Bu sebitler Horezmşalardan öň Seljuklar türkmen döwletiniň düzümine girýärdi. 

Mundan başga-da, belli alym S.Atanyýazow şäheriň Kaşan adynyň «kaşaň gala» diýen sözünden bolmagynyň-da ähtimallygyny hem ýazýar. Blokwiliň «Türkmenleriňkide ýesirlikde» kitabynda bolsa, goşunlaryň Kaşan şäherine gelendigi bellenilýär we bu ýeriň bir binasynyň suraty berilýär. 

Kaşan şäheri Yspyhandan 210 km, Tährandan bolsa 257 km uzaklykda, deňiz derejesinden 945 metr beýiklikde we Kewir çölüniň golaýynda ýerleşýär.

Eýýäm Ahemeniler döwründen şäheriň kümüş teňňeleriniň bolmagy sebitde uly patyşalyklaryň ösendigini aýan edýär. Mundan başga-da, bu ýerde Hurramdeşt, Natanz we Niaser ybadathanalarynyň bina edilmegi Kaşanyň Sasaniler döwründe hem ösmegini dowam etdirendigini görkezýär. Kaşan şäheri öz adyny b.e. öňki 24-nji ýylda gadymy ýazgylarda, traktaklarda ady geçýän Mesopotamiýa halkynyň biri bolan Kaşu taýpasyndan alypdyr diýen maglumatlar bar.

Seljuklar döwründe şäher dokmaçylyk, küýzegärçilik we kafel ýasamakda möhüm orny eýeläpdir. Kaşan şäheri XVII asyryň ahyryndan XIX asyryň başy aralygynda aýnadan ýasalan gaplary we keramiki önümleri daş-töweregine, goňşy döwletlerine satýardy. Häzirki zaman pars dilinde kafel (kashi) sözi bu şäheriň adyndan gelip çykypdyr diýip aýdylýar.

Maglumatlardan görnüşi ýaly, Kaşan şäheri has irki döwürlerden bäri bar eken. Onuň taryhy-da gadymy. Diýmek, bu at bilen şäher bar eken we ol ilki Seljuklar, soňra bolsa Horezmşalar türkmen döwletleriniň düzüminde bolupdyr. Onsoň heý döwlet eýelerinden bu şäherde wekil bolmazmy? Şahyryň kakasynyň adyndaky Mir, ýagny Emir sözüne üns bersek we ony wezipe ady hökmünde seretsek, ýagny Emir Hoja görnüşinde. Onda Aly belli bir döwürde emirlik eden adamyň ogly bolup biler. 

Başda Aly Horezmşalar türkmen döwletiniň gülläp ösen döwründe doglupdyr diýip belledik. Onuň ylym alan we müderrislik eden ýeri-de Horezm. Hatda Alynyň şägirdi Ibn Hajyp Horezmiň häkimi bolupdyr diýen maglumatlar-da bar. Elbetde, ýurduň merkezindäki belli ylym ojaklarynda okamak, şol ýerlerde zähmet çekmäge galmak ähli döwürlerde hem bolupdyr. Onsoňam Alynyň kakasynyň emir bolma ähtimallygyny ýöne ýerden ýaňzytmadyk. Çünki gidip ýurt merkezinde bilim almak üçin şol döwürler hem harç gerek bolandyr. Şondan şahyryň maşgalasynyň barjamly we abraýly gatlakdan bolan bolmagynyň mümkindigini ýatlasak ýerlikli bolar. Ýokardaky hemme maglumat Alyny Kaşandan Horezme alyp gitdi. Onda nädip Alynyň 12 bogunly goşuk görnüşinde ýazan poemasy Powolžede meşhur bolýar? Indi taryhy wakalary döwürleýin yzarlamaly bolýarys. Aly poemasyna iki gezek ýüzlenipdir. Onuň birinjisi, Horezmde. Ikinjisi bolsa, Günbatarda Kama we Wolga (Itil) derýalarynyň boýunda. Indi ykbal Alyny Horezmden alyp gör, nirelere äkitdi. Muňa elbetde, şol döwrüň taryhy wakalary, ýagny mongol çozuşlary sebäp bolupdyr. Nesewi «Jelaleddin Meňburunyň ömür beýany» atly kitabynda mongol çozuşlarynda bu sebitiň alymlarynyň köpçülikleýin Nusaýa gaýdanlygyny, soňra-da olaryň Günbatara tarap süýşendigini ýazýar. Aly hem şol alymlar bilen Günbatara Wolga derýasynyň ýakalaryna gidenligi düşnükli. Şahyr şonda poema ikinji gezek ýüzlenýär we ony täzeden işleýär. Hasda watansöýüjilik bilen bagly ýerlerine täzeden seredýär. Bu hem poemanyň has hem çeperleşmegine getiripdir. Şonuň üçin golýazmalarda dürli-dürli maglumatlar we biri-birinden üýtgeşik setirler gabat gelýär. Şol taryhy wakada Alynyň «Kyssaýy Ýusup» poemasynyň Powolže aralaşmagyna sebäp bolýar. Gündogar metbeçiligi we daş basma kitaplary bilen içgin gyzyklanýan türkmen alymy A.Ýazberdiýew bu eseriň ilkinji gezek 1814-nji ýylda Kazan şäherinde neşir edilendigini aýdýar. G.Nazarow bolsa eseriň şondan soň söwda maksady bilen, her ýylda diýen ýaly çap edilip, 1915-nji ýyla çenli jemi 80 gezek neşir bolandygyny ýazýar. Netijede hem türkmen şahyry Alynyň «Kyssaýy Ýusup» poemasy Powolžede şeýdip  meşhur bolýar. 

«Bu poemany uzak wagtlap okan Powolže tatarlary litografik we tipografik usulda çap eden neşirlerinde onuň tekst normalaryny tatar diline laýyk sazlaşdyrandyklary (assiminleşdirendikleri) aýdyň duýulýar» diýip, Z.Muhammedowa Bütinsoýuz türkologik konferensiýasynda eden çykyşynda belleýär.

Şeýle-de Alynyň galamyna degişli hasaplanylýan bir goşgynyň TYA-nyň Milli golýazmalar institutynda saklanýandygyny Gözel Amangulyýewa öz ylmy işlerinde ýazýar. Alym şahyryň şygyrlarynyň golýazmalarynyň Süleýman Bakyrgany, ýagny halk arasynda Hekim ata ady bilen tanalýan şahsyýetiň eserleriniň golýazmalary bilen gatyşdyrylandygyny ýazýar. Alynyň poemasy babatda S.Durdyýew, T.Guzuçyýew, G.Nazarow, A.Bekmyradow, D.Nuralyýewiň, A.Nazarow... ýaly birnäçe türkmen alymlary düýpli derňewleri geçirdiler.

 Şahyr Gurbannazar Ezizowyň aýdyşy ýaly, «Biziňki bag döken tohumy tapmak» bolýar. Biz bu ýerde esasan, taryhy wakalar we bolup biläýjek ýagdaýlar barada žurnalistik nukdaýnazardan pikir ýöretdik. Halkymyzyň köp asyrlyk taryhyndaky edebi çeper eserlerini öwrenmek biziň ählimiziň borjumyz. Galany hem alymlaryň geljekdäki işleriniň netijelerine bagly bolar, elbetde.

 

Garahanjar BAÝHANOW.

Meňzeş habarlar