Türkmen halkynyň milli mirasy, edebiýaty bar. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili bolan Magtymguly Pyragynyň eserlerini öwrenmek biziň döwrümizde hem dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Taryhda XVIII asyrda ýaşan türkmen nusgawy edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahyrdyr.
Akyldaryň döredijiligini dünýäniň birnäçe alymlary içgin öwrenip olardan A.Wemberi, A.Samoýlowiç, Ý.Bertels ýaly başga-da alymlar Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan goşgularyna uly baha berip, ençeme ýazgylary miras goýup gidipdirler. Akyldaryň goşgulary dürli dillerde terjime edilip, türkmeniň milliligini dünýä ýaýýar we okyjylarda öz boluşly täsir galdyrýar. Magtymgulynyň şygyrlaryna aýdym aýtmadyk türkmen bagşysy ýok bolsa gerek.
Magtymguly Pyragy ilini-gününi jany teni bilen söýen, ähli güýji kuwwatyň, abraýyň iliňe-ýurduňa edýän hyzmatyňa, goýýan gadyr-gymmatyňa baglydygyny yzygiderli nygtaýar.
Buny diýmek bilen Pyragy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem umumy adamzat medeniýetiniň hazynasyna girdi.
Islendik meseläniň çözgüdine halkyň nukdaýnazaryndan garap, il-günüň bähbidini öňe sürýär. Adamkärçiligiň hut il-ýurt meselesi, oňa bolan yhlasyň, söýgüň bilen baglydygyny okyjynyň aňyna pugta ornaşdyrmaga çalyşan şahyryň şygrynda hut şu mesele bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Magtymguly ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly asylly häsiýetleri wagyz-nesihat edýär. Şahyryň goşgulary hünärli bolmagy, zähmeti söýmegi ündeýär.
Kesp-käriň, hünäriň bolmasa, jemgyýete peýdasyzdygyny beýan edýär. Şahyryň goşgularynda hünär öwrenmek, bilimli bolmak, adamlara kömek etmek ýaly ýörelgeler wagyz edilýär.
Magtymgulynyň halk diliniň baýlygyny ussatlarça ulanmagynda, milli ruhy gahrymany bolmagynda orta çykarmagyna Döwletmämmet Azadynyň ilkinji mekdebini geçenligi aýdyň şaýatlyk edýär.
Pelek idär idim, sen duçar bolduň,
Gözümiň nurany – Azadym kany?
Ýüregim soguryp, seglere berdiň,
Şährimiň soltany – Azadym kany?
Halkymyzyň Magtymguly Pyraga bolan beýik söýgüsi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik kalbyndan, çuňňur işlerinden gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda beýik şahyryň ömrüni we döredijiligini öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar.
Azady MYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.