Birnäçe ýyllardan bäri adamlary aldap, ummasyz baýlyk toplan bir kişi öz işinden ýadandygyny bahanalap, işden çykmakçy bolupdyr. Haçan-da, arzasy kanagatlandyranlarynda ýanyna Ezraýyl gelip, onuň wagtynyň tamamlanandygyny aýdypdyr. Şonda ol öz baýlygyna buýsanyp, ähli baýlygynyň deregine 3 gün möhletli şu dünýäniň eşret-sapaly durmuşyny sorapdyr.
Islegi kanagatlandyrylmandan soňra, ol 1 sagat wagty haýyş edipdir. Emma oňa hem rugsat berilmändir. Şonda ol gözýaş döküp: «Iň bolmanda, ogluma hoşlaşyk hatyny ýazmaga rugsat beriň!» diýip özelenipdir. Bu islegine rugsat berlenden soňra, ol ogluna: «Oglum gymmatly bolan wagtyňy hiç haçan bisarpa geçirme, bütin ömrüme toplan baýlygym bilen men bary-ýogy 1 sagat wagty hem satyn alyp bilmedim, iň gymmatly baýlyk wagtdyr!» diýip hat ýazypdyr.
Taýýarlan: Rahman GURDOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň
Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, maýor.