TÜRKMEN TERBIÝESINIŇ OJAGY

Adamzat özüniň uzak taryhy ýolunda maşgala bolup ýaşamaga uly sarpa goýupdyr. Ata-babalarymyz maşgalanyň abadançylygyny, agzybirligini ähli zatdan ýokary tutupdyrlar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde ene mukaddesligi, Watan, öý-ojak, maşgala, ata-ene bilen çagalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň esaslary ýaly mizemez gymmatlyklar beýan edilýär. Ýurdumyzda enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak babatda kanunçylyk ulgamy kämilleşdirilýär, olaryň saglygyny goramaga, çagalaryň doly derejeli ösüşini üpjün etmäge, köp çagaly maşgalalara durmuş goldawyny bermäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Sekiz we sekizden köp çagalary dünýä inderip, kemala getirýän enelere hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Ene mähri» diýen hormatly at dakylyp, olar ýörite döşe dakylýan medal bilen sylaglanýar.

Hormatly Prezidentimiziň aladalarynyň netijesinde banklar tarapyndan ýaş çatynjalara birnäçe ýyllaryň dowamynda üzmek  şerti bilen ýeňillikli karzlar hödürlenýär. Bu görnüşli karzlaryň esasy maksady ýaşlara durmuş gurup, täze maşgala bolanlarynda, döwletimiz tarapyndan öý goşlaryny, hojalyk harytlaryny satyn almaga ýardam bermek bolup durýar.

 Maşgala ýurdumyzda aýratyn subýekt hökmünde garalyp, «Maşgala» bank karty döredildi. Bu kart maşgalanyň islegine görä, her bir agzasyna ýa-da tutuş maşgala üçin açylyp bilinýär. Şeýle-de internet-bank hyzmaty arkaly maşgalanyň her bir agzasy üçin gündelik ýa-da hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberi kesgitlenip bilinýär. Munuň özi maşgalany jebis saklamagyň ýene-de bir ýoly hökmünde çykyş edýär.

Bulardan başga-da, Türkmenistanyň we BMG-niň «Ýerli derejede ýokary hilli inklýuziw durmuş hyzmatlaryny ornaşdyrmak ýoly arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek» atly bilelikdäki maksatnamasynyň çäklerinde, ýurdumyzda «Agzybir maşgala» Maksatnamasynyň usulyýeti boýunça maşgala endiklerini gowulandyrmak maksady bilen okuw geçirilýär. Maksatnama ata-enelere kynçylyklary ýeňip geçmekde taraplara düşünmäge kömek berýär, çagalary terbiýelemegiň we olary söýmegiň netijeli usullaryny teklip edýär.

Halkymyzyň maşgala hormat goýmak ýörelgeleriniň hukuk binýadyny döwrebap derejede kämilleşdirmek ýörelgeleriniň gözbaşynda duran hem-de bu babatda nesillere şahsy görelde görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

 

Saparsoltan DARRYNOWA,

polisiýanyň leýtenanty.

Öňki makala

EDEP BIR TÄÇDIR

Indiki makala

WAGTYŇ SARPASY

Meňzeş habarlar