EDEP BIR TÄÇDIR

Ata-babalarymyzdan miras galan milli terbiýeçilik ýörelgämiz ummanlar ýaly giň we çuňňur. Üstünden ençeme asyrlar geçse-de, ähmiýetini ýitirmän gelýän öwüt-ündewlerdir atalar sözleri ýaş nesiller üçin nusgalyk mekdepdir.

Edep-terbiýäniň görnüşleri örän kän. Naharlanmagyň, ýol ýöremegiň, geýinmegiň... hem öz edebi bar. Bularyň hemmesi barada türkmen halk pedagogikasynda giňden aýdylypdyr. Şeýle dürdäne öwüt-ündewleri ata-babalarymyz nesillerine miras galdyrypdyrlar. Sada, halalhon türkmen halky nesil dowamatyna berlen ähli nygmatlara aýawly, paýhasly çemeleşmegi öwredipdirler. Hiç bir zady isrip etmeli däldigini sargan ata-babalarymyz «Isrip — haram» diýen nakyly döredip, asyrlardan aşyryp, hakydalary arkaly häzirki döwre ýetiripdirler. Edep kadalary halk yrym-ynançlaryna, atalar sözleridir nakyllara we beýleki halk döredijilik nusgalaryna siňdirilipdir. Çünki nakyldyr yrym-ynançlar gündelik durmuşda yzygiderli gaýtalanyp, çagalaryň aňyna ýaşlykdan guýlupdyr.

Salamlaşanyňda, nahar iýeniňde, birine tagam dadyranyňda, sag eliňi ulanmaly. Türkmen «Sag — saglyk» diýip, sag elde bermegi we sag eli bilen almagy gowy görýär. Eliňi ýuwanyňdan soň silkmek, eliňde galan galyndylary naharly tabagyň üstüne kakmak günä hasap edilýär. Enelerimiz hatda köne tamdyry ýykjak bolsalar-da, Hudaý ýoluna çörek aýdyp, soň işe başlaýarlar. Çöregi syňragyň (iki barmagyň arasy) bilen tutmak ilimizde halanmaýar. Saçagyň, ýatan adamyň, çöregiň, iýilýän nygmatlaryň üstünden ätlemek ýagşylyga ýorulmaýar. Çöregiň mukaddesligi hakda kän rowaýatlar döräp, häzirki döwre çenli gelip ýetipdir. «Bir döwüm çörek» atly rowaýatda çöregiň gudraty hakda şeýle gürrüň berilýär:

«Bir aýalyň kerwene goşulyp, argyşa giden ogly ýitipdir we uzak wagtlap ondan habar-hatyr bolmandyr. Ýöne ol çagasyndan umydyny üzmändir. Günleriň birinde ol naharlanmak isläp, çöregiň bir bölejigini döwüp, agzyna salmakçy bolanda, gapynyň agzynda saýyl-dilegçi peýda bolupdyr. Rehimdar zenan ýaňky çöregini oňa berip, özi aç galypdyr. Aradan köp wagt geçmänkä, birden onuň ýiten ogly sag-salamat ojagyna dolanyp gelipdir. Başyndan geçiren hunabalaryny, gören görgülerini birin-birin gürrüň beripdir: «Gür jeňňelligiň içi bilen gidip barýarkam, öňümden bir ýolbars çykdy. Münüp oturan eşegime topulyp, dessine onuň läşini serdi. Onuň ýiti penjeleri meniň hem donuma ilişdi we meni jeňňellige tarap süýredi. Şol barmana, ýüzi peşeneli, nurana, ak lybasly bir ýaşuly peýda boldy. Ol ýolbarsyň arkasyna elini ýetireninden ýere ýazyldy ýatyberdi. Nurana ýaşuly: «Eý, tokaýlaryň şasy, bir lukma derek bir lukma berýärin» diýdi. Ýolbars şol lukmany aldy-da, gaçyp gitdi. Meniň essim aýylypdyr. Özüme gelenimde, ýanymda hiç hili goja gözüm düşmedi. Men az ýöräp, köp ýöräp, kerweniň yzyndan ýetdim. Olar sag-salamat galandygyma haýran galdylar. Ýöne ýaňky ýaşulynyň: «Bir lukma derek, bir lukma» diýen sözüne hiç düşünip bilmedim» diýipdir. Ejesi çuňňur oýlanyp, bu wakanyň hut şol günde — saýyl-dilegçä bir döwüm çöregi sadaka beren gününde bolup geçendigini hasaplap bilipdir». Şonuň üçin-de, «Sadaka müň belany başdan sowar» diýilýändir.

2017-nji ýylyň tomsunda halkymyzyň maddy-ruhy gymmatlyklaryny öwrenmek we maglumat toplamak maksady bilen, welaýatlara ýörite toparlar ugradyldy. Biz toparymyz bilen Mary welaýatynda bolduk. Şonda Wekilbazar etrabynyň ýaşaýjysy Şamyrat Şadyýew bilen gürrüňdeş bolanymyzda, bugdaý hakda halk arasynda gabat gelýän rowaýatlaryň ençemesini ýatlady.

Ýagşy gylyk-häsiýetler ýaşlykdan terbiýelenýär. Şonuň üçin-de, terbiýe meselesi bilen bagly nakyllar örän kän döräpdir. Nakyllar adamlara gowy gylyk-häsiýeti öwrediji, akyl paýlaýjy hazynadyr. Ol hazynanyň hiç wagt gory gutarmaýar, düýbi görünmeýär, halk arasyndan gözledigiňçe, täzeleri tapylyberýär. Mysal üçin, «Az iýen — arassa, köp iýen — hassa», «Az iýip, az ýatan — melek, köp iýip, köp ýatan — heläk», «Azajyk aşym, gowgasyz başym» ýaly nakyllar öz saglygyň barada aladalanmagy, durmuşda özüňi alyp barmagyň, naharlanmagyň edep kadalaryny öwredýär.

Nesilleri terbiýelemek, elbetde, örän jogapkärli mesele. Parasatly pederlerimiziň uzak ýyllaryň dowamynda döredip, syntgylap, kämilleşdirip, şu günlerimize ýetiren täsin folklor eserleri hem terbiýäniň esasy çeşmesi bolup hyzmat edýär. Şonuň üçin-de, Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz her bir meselede milli mirasymyza ýüzlenmelidigimizi ýygy-ýygydan ýatladýarlar. Dogrudan-da, ata-babalarymyzyň bize goýup giden ýol-ýörelgeleri bilen çagalarymyza edep-terbiýe öwretsek, uly üstünlikler gazanmak bolar.

Mugallymyň göreldesi terbiýe meselesinde iňňän ähmiýetlidir. Eger-de mugallymyň özi saýhally geýinse, arassaçylyk düzgünlerini, dil edebini saklasa, okuwçy ondan has köp zat öwrenip biler. Hatda başlangyç synp okuwçylary hem haýsy mugallymyň nähilidigini seljerip bilýär. Şonuň üçin-de, çaga terbiýesinde ata-enäniň, maşgala agzalarynyň, mugallymlaryň göreldesi zerurdyr. Çagalarynyň edep-terbiýeli bolmagy üçin, öňi bilen, ata-eneleriň, bilim işgärleriniň özleriniň hem edep-terbiýeli, sowatly, düşünjeli, giň dünýägaraýyşly bolmaklary gerek. Çünki çagalar görüm-görelde ýoly bilen terbiýelenýärler. Terbiýäniň türkmen ýoly — görüm-görelde ýoludyr.

 

Gurbanjemal YLÝASOWA,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň

Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli

golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri,

filologiýa ylymlarynyň kandidaty.

Meňzeş habarlar