TÄZE ULGAMYŇ ULY GELJEGI

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň içeri we daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz ösüş-özgerişleriň ýoly bilen ösýär we özgerýär. Şeýle aýdyň ýoluň rowaçlanmagynda ýurt Baştutanymyzyň alyp barýan oýlanyşykly ykdysady syýasaty möhüm ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini durnukly ösdürmekde jemgyýetimiziň durmuşyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň, sanly ykdysadyýetiň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy täze mümkinçiliklere ýol açýar.

Bilşimiz ýaly, sanly ykdysadyýet dünýä döwletlerinde giňden peýdalanylyp, täze ugruň bähbitli taraplary indi hemmelere äşgärdir. Türkmenistanda 2019 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek hakynda Konsepsiýanyň kabul edilmegi bilen bu ugurda uly işlere badalga berildi. Ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryna we beýleki ulgamlara sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy bilen täze mümkinçilikler peýda boldy. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy işleriň uzak aralykdan dolandyrylmagyny, öndürijiligiň ýokarlandyrylmagyny, kärhanalaryň we ilatyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň tizleşdirilmegini üpjün edýär. Kämil ulgamyň artykmaçlyklaryndan ýerlikli peýdalanyp, ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde ýokary tehnologiýaly, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmek maksadyndan ugur alynýar. Üstümizdäki Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
 ýylynda-da kämil ulgamy ösdürmekde belent sepgitlere ruhlandyrýar.

 

Maksat BÄŞIMOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar