SAGDYN WE RUHUBELENT ZENAN BAGTYÝAR MAŞGALANYŇ GÖZBAŞYDYR

Şu gün Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň zenan mugallymlarynyň we talyp gyzlarynyň arasynda «Sagdyn we ruhubelent zenan bagtyýar maşgalanyň gözbaşydyr» atly sportyň görnüşleri boýunça yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry we bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi.

Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda sporty ösdürmek we ýaşlary sagdyn ruhda terbiýelemek hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp zenanlarynyň we mugallymlarynyň arasynda sportuň görnüşleri boýunça geçirilen bu bäsleşigiň, olaryň arasynda bedenterbiýäni we sporty köpçülikleýin ösdürmekde we giňden ornaşdyrmakda, sagdyn-durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, ruhubelentligi, päkligi, parahatçylygy we
dost-doganlygy berkitmekde, şeýle-de zehinli, güýçli, başarjaň zenan türgenleri saýlap-seçip almakda hem-de olaryň Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş etmekligini gazanmakda uly ähmiýete eýe bolandygyny buýsanç bilen bellediler.

Geçirilen bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp bolan talyp gyzlara we zenan mugallymlara bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda türkmen sportunyň şan şöhratyny dünýä ýaýan we sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrýan, ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek we olaryň ylymly-bilimli, sagdyn, ýokary ahlakly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ynsanlar bolup ýetişmegi babatda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar