MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGINDE ZENAN WASPY

Ajaýyp şygyrlary bilen ynsaan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary türkmeniň edim-gylymlaryny özünde jemleýär. Özüniň çuňlugy, köptaraplylygy, gözýetmez giňligi bilen dünýä ýüzünde tanalýan Magtymguly atamyzyň döredijiliginde türkmen zenanlarynyň waspy, gylyk-häsiýetleri baradaky tema hem, okyjyny bada-bat özüne çekýär. Akyldar şahyr zenan maşgalanyň ýanýoldaşyna, onuň dogan-garyndaşlaryna edýän hyzmaty, güler ýüzi, ajaýyp gylyk-häsiýeti bilen bir hatarda, diliniň süýji bolmalydygyny hem belleýär. Bu häsiýetler öz nobatynda, ýigit üçin tükenmez döwlet, bahasyna ýetip bolmajak bagtdyr. Aslynda gelin-gyzlarymyzy bezeýän ajaýyp gylyk-häsiýetler bar. Edep, ekram, asyllylyk, mähribanlyk ýaly häsiýetler öz gözbaşyny türkmen enesinden alyp gaýdýan bolsa, bu akaba biziň şu günlerimize çenli dowamat-dowam bolýar. Her bir adamda bolşy ýaly, Magtymgulynyň hem dünýägaraýşy öz gözbaşyny jemgyýet gurluşyndan, alan terbiýesinden, okan ylmyndan we biliminden alýar. Şonuň üçin-de, zenan gözelligi diýlende, ilkinji nobatda, şahyrymyz zenanlaryň edep-ekramyny, terbiýesini göz öňünde tutýar. Şahyryň “Otur-turuşyn görüň” şygrynda:

Hyrydar bolsaňyz gyza-geline,

Edebin, ekramyn, oturşyn görüň

diýip, öwüt berýän şahyr ýigidiň bagtyny edep-ekramly, wepaly ýanýoldaşda görýär. Diňe şonuň ýaly ýassykdaşy bolanda, ýigidiň bagtly boljakdygy, maşgala aladasy bilen, gazanç, eklenç, ýurt goragy meselesi bilen doly we üstünlikli meşgullanyp biljekdigi hakyndaky pikir öňe sürülýär. Magtymguly bu setirler arkaly maşgalanyň we jemgyýetiň berkliginde aýal maşgalanyň ornunyň uludygyny nygtaýar. Onuň ahlaky garaýyşlary boýunça gowy aýal diňe bir edep-ekramly däl, eýsem ýanýoldaşyna wepaly, süýji dilli, mylakatly, arassaçyl bolmaly, gelen myhmana gowy hyzmat etmeli. Akyldar şahyrymyzyň yşky lirikasynyň belli bir böleginiň zenan gözelliginiň waspyny edýän şygyrlardan ybaratdygy hemmämize mälimdir. Ýeri gelende aýtsak, şahyr gözel görküň, zyban çekilen owadanlygyň gadyr-gymmatyna sarpa goýulmagynyň tarapdary bolmak bilen, özüniň şygra durmuşy äheň bermek ýörelgesine bu babatda hem wepaly bolup galýar. Magtymgulynyň “Durasyň geler” diýen goşgusy bolsa, gelin-gyzlar barada söz açyp, olaryň gylyk-häsiýeti bilen bagly meseläni öňe sürýär. Şygryň ilkinji bendinde:

Gözel bardyr, gözellerden zyýada,

Anyň hyzmatynda durasyň geler.

Edepli, ekramly, mylaýym zada,

Tä ölinçäň bile ýöresiň geler

diýmek bilen, gözelleriň owadanlygynyň, emma gözeli ähli gözellerden zyýada edip görkezýän zadyň onuň gylyk-häsiýetidigini nygtaýar. Ol gözel edepli, ekramly, mylaýym bolandygy üçin “gözellerden zyýada”.

Gözel bardyr, uzyn boýly, alkymy,

Garaňky gijede düşer ýalkymy,

Sözlegen sözleri misli bal kimi,

Ýaňagyndan posa alasyň geler

diýen tarypa mynasyp bolmagyň aňyrsynda gözellerimiziň şirin dillidikleri ýatyr. Diýmek, gözeli gözel edip görkezýän zat onuň diňe görk-görmegi bolman, häsiýetiniň-de ýakymly bolmagydyr. Gelin-gyz syraty bilen gylyk-häsiýeti sazlaşykly bolanda, owadan gözellerimiziň uzyn boýunyň ýaraşygyny onuň uzyn saçydygyny şeýle suratlandyrýar:

Gözel bardyr, günde-günde görmeli,

Şol gözeliň syýa zülpün örmeli,

Döküp, hazynanyň zerin bermeli,

Onuň söwdasynda bolasyň geler.

Şygyrdan mälim bolşy ýaly, päkize, timarly gözeliň gadry hem başgaça bolýar.

Magtymgulynyň döredijiliginde türkmen halkynyň durmuşy, däp-dessurlary, ýaşaýyş aýratynlyklary, ruhy dünýäsi, milli häsiýeti aýdyň beýan edilýär.

Magtymguly aýal-gyzlaryň maşgalada, durmuşda, umuman jemgyýetde tutýan orny barada dürdäne pikirleri öňe sürýär. Ol aýal-gyzlary maşgalanyň görk-görmegi, lezzetli ýaşaýşyň bezegi hasaplaýar. Şahyr bu ýagdaýy “Ata meňzär” atly goşgusynda:

Aýalsyza eşret ýokdur,

Hoş güni hasrata meňzär

diýýän bolsa, “Her ýana” diýen şygrynda ýokardaky pikrini dowam etdirip:

Ýagşy aýal ele gelmez,

Nadan ýagşyň gadryn bilmez,

Aýalsyza mydar bolmaz,

Dönseň häkim Süleýmana

diýmek bilen, agzybir maşgalany gurmagyň tarapdary bolup çykyş edýär.

Gyz asyllylygyny, edep-ekramlylygyny, sylaşyklylygyny, wepadarlygyny eneden alyp gaýdýandygyny, gelin-gyzlaryň sada, türkana, kiçi göwünli bolmalydygyny şahyr “Her ýana” atly şygrynda belleýär:

Gadyr bilenden daş etme,

Nägadyra ýoldaş etme,

Til bilmez bela duş etme,

Sada til bolsun – türkana.

Magtymguly gyz-gelinleriň uly hormata, päk söýgä we öwgä mynasypdygyny aýratyn belläp geçýär. Şahyryň yşk, söýgi, gelin-gyzlar temasyndan ýazan şygyrlarynda üns berýän meseleleriniň ýene biri-de hoşsözlülik, hoşgylawlylyk bolup durýar. Magtymguly gyz-gelinleriň mydama erkekleriň şatlygyny-gaýgysyny deň paýlaşýan syrdaşy bolmalydygyny belleýär. Şahyryň “Mala seretmez” şygrynda bu barada şeýle bellenilýär:

Her kim öz ýaryny dogan aý edip,

Aýyn gözlär, özge aýa seretmez.

diýip, wepaly hem-de adalatly söýgi hakynda gürrüň edýär. Magtymguly “her kimiňki özüne, gül görner gözüne” diýen halk naklyny özboluşly peýdalanyp, öňe sürýän ideýasyny öz halkyna – köpçülige has ýetginli etmäge çalyşýar.

Pähimdar şahyr durmuşda ýüze çykýan gowy hadysalaryň tersine, ýaramaz zatlaryň-da barlygyna perwaýsyz garamandyr, göz ýumup duşundan geçirmändir. Şahyr ony “Durasyň geler” goşgusynda:

Bardyr gözel sirke basar saçyny,

Artmaz-ýuwmaz tabagyny, daşyny,

Sylamaz atasyn, ene, ýaşyny,

Onuň hyzmatyndan gaçasyň geler

diýmek bilen, türkmen zenanlaryny öz goşgy bendinde suratlandyrýan häsiýetlerden daşda bolmaklyga çagyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen gündogaryň şamçyragy, türkmeniň göz guwanjy Magtymgulynyň eserleriniň birnäçe gezek türkmen we dünýäniň dürli dillerinde çap edilmegi oňa aýratyn üns berilýändiginiň subutnamasydyr. Magtymguly atamyzyň bize galdyran döredijilik mirasy bütindünýä jemgyýetçiliginiň, ähli adamzadyň ünsüni özüne çekýär. Onuň hem sebäbi, Magtymguly tutuş adamzat ahlagyny özünde jemleýän tebigy päkligi wasp eden adam bolmagyndadyr. Bu päklige düşünen her bir ynsan milletine, diline, däp-dessuryna, dinine garamazdan, Magtymgulyny ykrar edýär. Onuň sözlerini diline sena edinýär. Özüni Magtymgulynyň döredijiliginiň içinde göresi gelýär. Magtymgulyny hut öz hossary hasaplaýar, onuň döredijiliginde özüni gyzyklandyrýan soraglara jogap tapan ynsanlar ussady öz ýakyny hökmünde kabul edýärler.

Türkmen halkynyň edebi mirasyny uly üns we alada bilen gurşap alýan, türkmen alymlarynyň Magtymguly baradaky pikirlerine giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ähli tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!

 

Çemen TÄJOWA,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň daşary ýurt dillerine

ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebiniň mugallymy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.