PARAHATÇYLYK-BAKY SYNMAZ BAGTYMYZ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  Garaşsyz Baky Bitarap Watanymyz “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Garaşsyz Watanymyzda Ýer ýüzüniň birnäçe döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine dostlukly gatnaşyklary ösdürmek, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmak, sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamak, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmekde biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär. Türkmenistan Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak bilen halkara gatnaşyklary parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Şu ugurlara esaslanyp Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda önjeýli işler alnyp barylýar. Muňa ýakynda ýokary okuw mekdebimiziň Sergiler jaýynda geçirilen “Parahatçylyk-Baky synmaz bagtymyz” atly aýdym-saza beslenen tegelek stolyň başyndaky söhbetdeşlik çäresi geçirildi.

Tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikde ýokary okuw mekdebimiziň halypa mugallymy, Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýew, “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýew, “Nakgaşçylyk” kafedrasynyň halypa mugallymy Polat Garryýew we ýokary okuw mekdebimiziň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Halypa mugallymlar “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” parahatçylygyň, asudalygyň gymmaty, Bitaraplyk ýol-ýörelgelerimiz, sungatdaky ösüşler, geljekde göz öňüne tutulýan işler barada gürrüň edildi.

Şeýle söhbetdeşlikler ýaşlarymyz üçin örän täsirli we gyzyklydyr. Talyplarymyzyň düşünjelerini, pikirlerini giňeltmekde we olaryň geljekde täze-täze işlere ruhlanmaklaryna giň ýol açýar.

 

Göwher SAPARMYRADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň “Sungaty öwreniş”

kafedrasynyň mugallymy.

Meňzeş habarlar

12 Mart 2025 | 55 okalan

AK BAGTYŇ ŞÄHERI

12 Mart 2025 | 45 okalan

PARAHATÇYLYK-BAKY SYNMAZ BAGTYMYZ