Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler netijesinde ýurdumyz gülläp ösýär. Eziz Diýarymyzyň taryhy künjeginde, Köpetdagyň eteginiň ajaýyp ýerinde bina bolan Arkadag şäherinde alnyp barylýan gurluşyklar akylyňy haýrana goýýar.
«Ýaşlaryň şäheri», «Geljegiň şäheri» hökmünde ykrar edilen ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäginde bu gün bina edilýän desgalardyr binalar onlarçadyr. Olaryň arasynda Arkadag medisina klasteriniň birinji tapgyrynyň, çeper halyçylyk kärhanasynyň, türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýiniň, Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň, çagalar seýilgähiniň we beýleki ençeme desgalaryň bolmagy her birimizde buýsanç duýgusyny döredýär.
Gahryman Arkadagymyz 22-nji fewralda Arkadag şäherine amala aşyran iş sapary mahalynda «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen täze şäheriň nobatdaky tapgyrynyň gurluşyk işlerinde häzirki zamanyň ösen tejribesini ulanmagyň, ylmyň gazananlaryna esaslanmagyň wajypdygy, şeýle-de bu künjekde dörediljek Medeni-dynç alyş merkeziniň ähli çäklerinde desgalaryň bina edilmegine milli ýörelgelere laýyklykda çemeleşilmelidigi barada aýtmagy diýseň begendirdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň beýik ösüşlerini, medeni-ruhy kuwwatyny açyp görkezýän, medeniýetiň we sungatyň has-da rowaçlanýan şäheridir» diýip belleýär. Bu hakykatdan hem şeýle. Geçen ýylyň özünde Arkadag şäherinde geçirilen köp sanly çäreler, şol sanda Medeniýet hepdeligi hem bu hakykaty äşgär görkezdi, Şeýle çäreler Köpetdagyň etegine gözellik goşýan, sebitde deňi-taýy bolmadyk täze şähere gyzyklanmany has-da artdyrýar.
Türkmen topragynyň taryhy künjeginde özboluşly binagärlik we «smart-siti» tehnologiýa çözgütleri bilen tapawutlanýan Arkadag şäherini gurduran, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli işlerinde rowaçlyklary arzuw edýäris.
Rejepgeldi ATAJANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Ak bugdaý etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.