BEDEW ATYM GANATYM, GÜÝÇ KUWWATYM GYRATYM

Ahalteke bedewleri özüniň köpasyrlyk taryhy, ýyndamlygy we gaýtalanmajak gözelligi bilen diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem tutuş adamzat siwilizasiýasynyň gymmatly hazynasy hasaplanýar. Çünki “Irden tur ataňy gör, ataňdan soň atyňy” diýýän aýtgylar ýöne ýere däldir. Taryhyň iň dartgynly menzillerini özi bilen bile geçen bedewi olara güýç-gaýrat hem-de ruhubelentlik berdi” diýip belläp geçýär. Hakykatdan hem ata-babalarymyz geçen şöhratly taryhy ýolunda bedewleri özlerine hemra edinipdirler, olara aýratyn sarpa goýupdyrlar, ýakyn dosty we syrdaşy hasaplapdyrlar.

Parfiýanyň paýtagty Täze Nusaýda gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan taýçanagyň şekili, Goňurdepe gonamçylygyndan tapylan taýçanagyň süňkleri şol döwürde-de, ahalteke bedewleriniň gadyr-gymmatynyň ýokary bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Orhon – Ýeniseý daş ýazylarynda ýerleşdirilen çapyksuwaryň keşbi, Altyndepeden tapylan atyň şekili ýerleşdirilen heýkeller bedewleriň taryhy keşbine ýene-de bir subutnama bolup durýar. Ahalteke bedewleriniň taryhy wekilleriniň biri bolan Absent Olimpiýa oýunlarynda birnäçe gezek ýeňiş gazanypdyr. Özüne taý tapdyrmadyk Absent türkmen bedewleriniň at-owazasyny, şan-şöhratyny has-da belende götermegi başarypdyr.

Häzirki döwürde hem "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylymyzyň gadam basmagy esasynda hem Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda "Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýeňiji bolmagy bolsa ahalteke bedewlerine bolan buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Bedewleri ýetişdirýän seýislere, atşynaslara hem döwlet derejesinde uly üns berilýär. Ýeri gelende bellesek, Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginde Aba Anaýew obasy we onuň bilen ýanaşykda Halkara atçylyk sport toplumy ýerleşýär. Ussat atşynas Aba Annaýewiň adyny buýsanç bilen göterýän bu obada ýaşaýan atçylyk hünärmenleridir seýisler behişdi bedewleri ösdürip etişdirmekde yhlasly zähmet çekýärler.

Ynha, bu gün behişdi bedewleriň taryhy mesgeniniň töwereklerinde Arkadag şäheri kemala geldi. Şäheriň girelgesinde al-elwan güllere beslenen ýaşyl ýaýlada bedewlere, biri-biri bilen oýnap, bökjekleýän taýçanaklara gözüň düşýär. Bu gözelligi synlaýan her bir döredijilik adamysynyň kalbyna ylham gelip, göwni açylýar. Diýmek bu şäheri hem "Bedewleriň mekany" diýip atlandyrylsa hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Bu aýdylanlara Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk adakemiýasy, Görogly adyndaky Arkadag şäher döwlet atçylyk sirki şaýatlyk edýär. Bu günki günde akademiýada bedewlere ýüregi bilen berlen, atçylyk sungatyny mundan belýäk-de dabaralandyrjak bagtyýar talyplar bilim alýarlar. Olaryň geljekde ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da beýgeltjek oglan-gyzlardygyny buýsanç bilen aýdyp bileris.

 

Aýlar ATAJYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara

žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Öňki makala

AK BAGTYŇ ŞÄHERI

Meňzeş habarlar

12 Mart 2025 | 55 okalan

AK BAGTYŇ ŞÄHERI

12 Mart 2025 | 45 okalan

PARAHATÇYLYK-BAKY SYNMAZ BAGTYMYZ