HALKARA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2025-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Ýewraziýa we Afrika halklarynyň assambleýasy» hökümete degişli däl halkara bileleşiginiň wekiliýeti Ýewraziýa we Afrika Halk Assambleýasynyň Baş Geňeşiniň başlygy Smirnowa Swetlananyň, şeýle hem başlygyň orunbasary Olga Nefedowanyň we başlygyň kömekçisi Wladimir Smirnowyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň esasy maksady Türkmenistan bilen Ýewraziýa we Afrika ýurtlarynyň arasyndaky ýaşlar hyzmatdaşlygyny ýola goýmak mümkinçiliklerini öwrenmekden ybarat boldy. Duşuşygyň dowamynda Ýewraziýa we Afrika Halk Assambleýasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekilleriniň arasynda ýaşlar hyzmatdaşlygyna degişli ugurlar boýunça giňişleýin pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar taraplaryň arasynda ýaşlar hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň ähmiýeti dogrusynda, geçirilýän halkara çärelere ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklaryny gazanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.

 

Selbi ATAJANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň

baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

13 Mart 2025 | 29149 okalan

HALKARA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

12 Mart 2025 | 36851 okalan

BEDEW ATYM GANATYM, GÜÝÇ KUWWATYM GYRATYM

12 Mart 2025 | 10319 okalan

AK BAGTYŇ ŞÄHERI