ÝAŞLARYŇ ARASYNDA MASLAHAT GEÇIRILDI

Mary welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleriniň ähmiýetini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň  Magtymguly  adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň hem-de Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri, welaýat kitaphanasynyň işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Uly ähmiýete eýe bolan maslahatda TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat  Janmyradow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Kerwen Berdiliýew, “Maru – şahu jahan” gazetiniň bölüm redaktory, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Sülgün Şadyýewa, Türkmenistanyň adalat ministrliginiň ýanyndaky gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugynyň Mary welaýat müdirliginiň Baýramaly etrap, şäher bölümleriniň uly döwlet bellige alyjysy, 3-nji derejeli ýurist Süleýman Nuryýew, Mary welaýat çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oguljennet Nurberdiýewa hem-de TDEI-niň talyby, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Aýgül Gurbanmyradowa çykyş etdiler. Olar ýurdumyzyň ösüşleri, ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde alnyp barylýan işler, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan dörän “Hakyda göwheri” hem-de “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly ajaýyp kitaplarynyň many-mazmuny dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar zamanada ýaşamaga, işlemäge, okamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýtdylar.

 

Yklymmyrat TUWAKMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary,

Mary welaýat halk maslahatynyň agzasy.

Meňzeş habarlar

11 Mart 2025 | 1 okalan

MEDENI MIRASYM – MÜDIMI MIRASYM

11 Mart 2025 | 1 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI