YLHAM BERÝÄR ŞANLY ÝYLYŇ ŞYGARY, BAGTLY ÝAŞLAR WASP EDÝÄR GÜL DIÝARY

Mary welaýat kitaphanasynda geçirilen brifing duşuşygy geçirildi. Duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi, welaýat kitaphanasy hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi bilelikde guradylar. «Ylham berýär şanly ýylyň şygary, bagtly ýaşlar wasp edýär gül Diýary» ady bilen guralan duşuşyga TMÝG-niň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň işgärleri, işjeň agzalary, kitaphanaçylar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Sowallar arkaly dowam eden brifing duşuşygynda şanly ýylymyzyň buýsançly şygarynda egsilmez many we çuň mazmun bardygyny, çünki, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyga, döredijilige we beýik ösüşe gönükdirilen içeri hem-de daşary syýasatynyň özenini ynanyşmak hem-de birek-birege hormat goýmak ýaly ajaýyp ýörelgeler düzýändigini öwran-öwran nygtadylar.

Şeýle hem çärä gatnaşanlaryň her biri  bagtyýar zamanamyzda ruhubelent ýaşlarymyzyň ýürek sesini duýup, arzuwlaryny hasyl edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna egsilmez alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Meňzeş habarlar

11 Mart 2025 | 36 okalan

MEDENI MIRASYM – MÜDIMI MIRASYM

11 Mart 2025 | 38 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI