NOWRUZ – PARAHATÇYLYGYŇ BAÝRAMY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň guramagynda Milli bahar baýramy – Halkara nowruz güni mynasybetli Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde gezelenç çäresi geçirildi.

Geçirilen bu çärä ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de mugallymlary gatnaşdylar. Muzeýde Milli bahar baýramyny, Halkara nowruz gününi wasp edýän sungat eserleriniň sergileri guraldy.

Çäräniň dowamynda talyp ýaşlar häzirki döwürde Nowruz baýramynyň halkara derejede bellenilmegi, müňýyllyklaryň geçendigine garamazdan jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm orny eýeleýändigi, pederlerimiziň ruhy we medeni gymmatlyklaryny özünde jemleýändigi, halklaryň arasynda gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýändigi barada giňişleýin gürrüň berildi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ähli mümkinçilikleri şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Mähriban ŞYHMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.