“TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA SÖHEBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI”

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramasynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi we Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşleriniň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Sport” teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň baýramçylyk zalynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan baýramçylyk çäresine Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sanly ulgam arkaly, göni ýaýlymda gatnaşyp zenanlary gutlamagy şeýle hem jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Bu bagtyýar Diýarda zenanlara sarpa bar» atly goşgy setirlerini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek dogrusynda aýdan çuň manyly pikirleri dogrusynda söhbet etdiler. Gepleşigiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklarynyň barha dabaralanýandygy, bitarap Watanymyzyň halkara giňişliginde eýeleýän möhüm orny barada belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde asuda, parahat durmuşy gurup beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,  peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny başlarynyň dik bolmagyny arzuw etdiler.

 

Mährijemal ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Büzmeýin etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.