«KÖRPE GELIN – GÜLKI AGŞAMY»

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Körpe gelin - gülki agşamy» sahna oýny guraldy. Dabara talyp ýaşlar hem-de dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaş hünärmenler gatnaşdylar.

Dabara täsirli geçdi we ýaş tomaşaçylar üçin ýatdan çykmajak pursatlar döredi. Sahna oýnunda ýaşlaryň durmuşynda gabat gelýän ençeme pursatlar janlandyryldy. Olarda watansöýüjilik, wepalylyk, adalatlylyk, ýaly ynsanperwer häsiýetler hem öz beýanyny tapdy şeýle hem sahna oýnundan soňra artistleriň aýdymlary bilen bu ýere gelenleriň göwünleri has-da galkyndy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar biz ýaşlara döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Rüstem MÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar