Ýakynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi.
Baýramçylyk çäresine gatnaşanlar halkymyzyň ajaýyp däp – dessurlary, baýramçylyklary we toý – dabaralary täze many – mazmuna eýe bolýanlygy, ruhy medeni gymmatlyklarymyz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň kalbynda hasyl bolan arzuwlaryň özboluşly beýany bolup durýandygy barada çykyşlar edildi. Türkmen halkynda Milli bahar baýramyny – Halkara Nowruz günini umumadamzat medeniýetiniň dürdäne gymmatlyklary, baýramçylygyň täsin däpleri, onuň bilen bagly edebi eserleri, halk oýunlary, bereketli türkmen topragy, myhmansöýer halky, toý saçagynyň bezegi bolan milli tagamlary we ýörelgeleri öz beýanyny tapýar.Nowruzyň tebigat bilen baglylygy ony adamzat gymmatlygyna öwürýär. Bu baýramçylyk özara dostlugy pugtalandyrmaga, täze gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen jebisleşdiriji häsiýete eýedir.
Çäräniň ahyrynda halkymyzyň ajaýyp toý – baýramçylyklaryny şatlyk –şowhun bilen bellemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Maýa ŞÄMIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Büzmeýin etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.