Ýakynda Aşgabat dokma toplumynyň Türkmenbaşy dokma toplumynyň hem-de Türkmenbaşy Jins toplumynyň Magtymguly adyndaky IÝG-niň bilelikde guramaklarynda “Tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwer syýasatynyň barha dabaralanýandygy, 30 ýylyň dowamynda halkara giňişliginde eýeleýän möhüm orny dogrusynda şeýle-de “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” aýratynlyklaryny halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen giňişleýin gürrüň etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýä ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy we asudalygy pugtalandyrmakda ägirt uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Uzukjemal GARAGULYÝEWA,
Aşgabat dokma toplumynyň Magtymguly
adyndaky IÝG-niň başlygy.