Sagatlaryň, günleriň, aýlaryň we ýyllaryň nobatma –nobat aýlanmasy bilen, pasyllaryň çalşygy bilen wagt gädilýär. Ýakym hem ýalkym bolup ýaşaýyşa ýaraşyk berýän ýaz pasly bolsa, başlangyç hasaplanylýar. Eziz Diýarymyza bahar paslynyň gelişi hem üýtgeşik. Bahar gelse, belent ruh hem tolkun atyp duran ylham bilen türkmen tebigaty ýatdan çykmajak gözellige beslenýär.
Her paslyň öz gözelligi bolsa-da, baharyň özüne bendi edýän, kalbyňy heýjana salýan üýtgeşik jadysy bar. Daş-töwerek gül-gülälege bürenip, tebigat ýaz owazyna hüwdülenip dur. Baglarda jürküldeşýän guşlaryň baharyň gelşini buşlaýan mahmal sesi, säheriň jana ýakymly howasy, ýazyň mymyjak şemaly ýüzüňi ýelpände nepesiň durlanyp ruhuň beýgelýär. Baýyrlaryň, düzleriň ýaşyl begrese beslenmegi, şabyrdap bahar çabgasynyň ýagmagy ynsanda üýtgeşik duýgyny oýarýar.
Dogrudan hem, lälezarlyga beslenen janly tebigaty bir pursat synlamagyň özi hem täsinlik. Ajaýyp tebigata şeýle gözelligi bagyş eden bahara neneň pasyllaryň soltany diýmejek?!
Hawa, pasyllaryň soltany hasaplanylýan bahar paslynyň ilkinji aýynda toýdur-baýramlarymyz goşa-goşadan gelýär. Şeýle baýramçylyklaryň naýbaşylarynyň biri-de Nowruz baýramydyr. Bolçulygyň, ruhy tämizligiň we bahar paslynyň ajaýyplygynyň nyşany bolan Nowruz baýramy gije bilen gündiziň deňleşýän wagtyna gabat gelmek bilen, Täze gün diýmegi aňladýar. Bu gün, täsin tebigat täze günüň howasyndan dem alýar.
Eýsem Nowruz näme? Bu barada şahyryň şeýle setirleri seriňe dolýar:
Nowruz diýmek – aýyň, günüň dowamy,
Nowruz diýmek – täze ýylyň dowamy...
Nowruz baýramçylygynyň gelip çykyşyna göz aýlasak, onda oňa bäş müň ýyldan hem köpräk wagt bolupdyr diýip taryhy çeşmelerde bellenilýär. Aslynda Nowruz sözi pars sözi bolup, ol «now-täze», «ruz-gün» ýagny, täze gün, täze ýyl manyny berýär.
Nowruz baýramçylygyna degişli ilkinji ýazgylar gündogaryň beýik alymy Omar Haýýamyň «Nowruznama» işinde berlipdir. Gündogaryň ýene bir beýik alymy Abu Reýhan Al-Biruniniň «Gadymy halklardan galan ýadygärlikler» diýen eserinde «Nowruz baýramy» hakynda söhbet açylýan bolsa, Seljuklar döwrüniň görnükli alymy Nyzam al-Mülk «Syýasatnama» eserinde hem türki halklaryň arasynda «Täze ýyl» dabarasynyň örän ýörgünlidigini ýatlap geçipdir.
Ençeme asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten rysgal-berekediň baýramçylygy bolan Nowruz baýramynyň taryhy ähmiýeti barada Gahryman Arkadagymyz: «Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan Nowruz baýramy täzelenişe we döredijilige, parahatçylykly durmuşa ruhlandyrýar, hoşniýetli goňşuçylygy we birek-birege hormat goýmagy pugtalandyrýar» diýip jaýdar belleýär.
Müňýyllyklaryň geçendigine garamazdan, ajaýyp Nowruz baýramy häzirki wagtda hem jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, hemmelere şatlyk we ylham paýlaýar, dost-doganlyga, täze üstünliklere çagyrýar.
Bu gün bolsa türkmen halky Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe barýar.
Ruhubelentligiň, zähmetsöýerligiň aýdyň nyşany bolan Milli bahar baýramy halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine ruhlandyrsyn!
Aýjeren GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.