NOWRUZ–GÖZELLIGIŇ, PARAHATÇYLYGYŇ WE YNSANPERWERLIGIŇ BUŞLUKÇYSY ATLY MASLAHATY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer bileleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli “Nowruz gözelligiň, parahatçylygyň we ynsanperwerligiň buşlukçysy” atly maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler dost-doganlyk syýasaty alyp barmakda tutuş adamzat jemgyýetine görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän döwletli başlangyçlary, Arkadagly Serdarymyzyň hormatly Prezidetimiziň Daşary ýurt döwletleri bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmekde alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny we oňyn ählumumy başlangyçlaryny wagyz etmekde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň orny barada bellediler.

Şeýle-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ildeşlerimiziň jebisleşmegini üpjün etmäge, dünýäde Türkmenistanyň ynsanperwer syýasatyny, halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny, däp-dessurlaryny, adatlaryny we onuň görnükli wekillerini, ýurdumyzyň häzirki zamanda gazananlaryny wagyz etmäge ýardam berýän çäreleriň geçirilişi hakynda gürrüň berdiler. «Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak» ýylynda hem dünýä halklaryny parahatçylyga, abadançylyga we ynsanperwerlige çagyrýandygyny, Nowruz adamzadyň kalbyna ruhubelentligi, şatlyk-şowhuny we mähir-muhabbeti bagyş edýän baýram. Milli bahar baýramy halkymyzyň özboluşlylygyny, ajaýyp däp-dessurlaryny özünde jemleýär.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlarymyzyň arasynda wagyz etmäge ähli mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlaryny  aýdtylar.

Azady MYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar