GYZYKLY GEÇEN SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň guramagynda welaýat kitaphanasynyň miras otagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyklary  talyp ýaşlaryň arasynda «Älemde Parahatlyk döwrümiziň şygary» atly şygar bilen hoşallyk maslahaty geçirildi.

Maslahat duşuşygyň dowamynda çykyş edenler  «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda geçirilýän giň gerimli çäreler şeýle-de Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň has-da guramaçylykly geçirmeklik dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Şonuň bilen baglylykda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly dünýäniň akyldary» atly kitabynyň «Parahatçylygyň şahyry» bölüminde ýerleşdirilen maglumatlar baradaky aýdylanlar talyp ýaşlarymyzda has-da uly täsir galdyrdy.

Maslahat duşuşygyň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyna asuda, parahat, abadan durmuşda ýaşamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!

Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat

Geňeşiniň başlygynyň w.w.ýe.ýe.

Meňzeş habarlar