ÄHLIHALK BAG EKMEK DABARASY GEÇIRILDI

Golaýda Balkan welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi şeýle-de welaýatymyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň guramaklarynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň eteginde sylagly ýaşulylaryň, kümüş saçly eneleriň, ýaş çatynjalaryň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň şeýle hem talyplaryň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi.

Ählihalk bag ekmek dabarasynyň badalgasy medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlanan aýdym-sazlaryna şeýle-de tans toparlarynyň çykyşlaryna baý boldy. Dabaranyň ahyrynda ýurdumyzyň geljek nesilleri üçin şeýle uly aladalar edýän, dünýäde alnyp barylýan ekologik abadançylygy ugrundaky işlere uly goşant goşýan Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän aýdymlar ýaňlandy.

Gülnara SARYBAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat

Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar