Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy” atly bäsleşigiň Berkararlyk etrap tapgyry geçirildi. Çagalaryň sungat älemindäki zehinlerini ýüze çykarmagy, döredijilik ukyplaryny we bilimlerini kämilleşdirmägi maksat edinýän bäsleşigiň şatlyk-şowhuny degre-daşy gurşap aldy. Çagalar parahatçylygy, bagtyýar çagalygy, ýurdumyzyň hem-de Arkadag şäherimiziň gözelliklerini, bedew atlarymyzy, gözel tebigatymyzy wasp edýän suratlary çekmek hem-de amaly haşam sungatynyň eserlerini döretmek boýunça bäsleşdiler. Soňra Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşlerini, parahatçylygy we dost-doganlygy, bagtyýar çagalygy şirin aýdym-sazlarynda wasp edip, dürli saz gurallary çalmakda başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň soňky şerti boýunça çagalar türkmen milli oýunlary “Çeke-çeke”, “Bäş daş”, “Agsak durna”, “Aşyk oýny”, “Ýüzük bukdy”, “Düzzüm”, “Ýaglyga towusmak” ýaly milli oýunlary oýnamakda bäsleşdiler. Etrap tapgyrda ýeňiji bolanlar bäsleşigiň Arkadag şäherinde geçiriljek şäher tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Ogulgurban SAPARDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Berkararlyk etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.