Pähimdar pederlerimiziň bize miras galdyran görüm-göreldesi, edep-terbiýesi, ajaýyp häsiýetleri durmuşymyzyň röwşen çyragydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň umyt güllerine deňelýän ýaşlaryny watansöýüjilik, halallyk ýaly ynsanperwer häsiýetlerde terbiýelemek biziň mukaddes borjumyz bolup durýar. Ýaňy ýakynda hem Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, ýakynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Geçirilen duşuşygyň esasy maksady ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmekden, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmakdan we hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler ýaşlar barada edilýän bimöçber aladalary üçin türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Bägül BOÝALYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Magtymguly etrap geňeşiniň başlygynyň w.w.ýe.ýe.