Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň etrap bedenterbiýe we sport bölümi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli etrap bedenterbiýe we sport bölüminde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda ‹‹Bedenterbiýe we sport — sagdyn durmuşyň gözbaşy›› ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty, ylmy, bilimi ösdürmek babatda alyp barýan syýasatyny durmuşa ornaşdyrmak, ýaşlarymyzy watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň halkara sport bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolmaklaryny gazanmak, sporta bolan söýgüni ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler dogrusynda gürrüň berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlarymyzyň sagdyn bedenli, ruhy we ahlak taýdan arassa nesiller bolup ýetişmekleri ugrunda alyp barýan giň gerimli işleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Tagandurdy TAGANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň başlygy.