WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň hem-de TMÝG-niň “Türkmennebit” DK-niň şahamçasynyň bilelikde guramagynda sanly tehnologiýa ulgamyndan we innowasion serişdelerden peýdalanmagyň medeniýetini düşündirmek maksady bilen, talyp ýaşlaryň arasynda “Sanly bilim ulgamy — jemgyýeti öňe alyp gitmegiň esasy guraly” atly şygar astynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamynyň täze ösüşlere eýe bolýandygy, şeýle hem ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňüne tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada gürrüň etdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda döwrebap bilim almaga, halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Aýgül IŞANMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly

ulgam boýunça esasyhünärmeni.

Meňzeş habarlar