MILLI MIRAS — ALTYN HAZYNA

Ýakynda Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan miras galan ýol-ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz, edim-gylymlarymyz hakynda söhbet etmek maksady bilen, toplumyň zähmetkeş gelin-gyzlarynyň gatnaşmagynda «Milli miras — altyn hazyna» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler türkmen halkynyň pähim-paýhasyndan, ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň yhlasyndan kemala gelen haly we haly önümleriniň, gülli keçeleriň, sünnälenip nagyşlanan milli lybaslaryň, inçelik bilen bezelen el işleriň hiç haçan bahasyny ýitirmejek milli gymmatlyklarymyzdygy, näzikligi, nepisligi döredýän çeper elli zenanlarymyzyň zehininden kemala gelýän senedimizi synlan her bir ynsanyň kalbyny ajaýyp duýgular gurşaýandygy barada buýsanç bilen gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň bäş müň ýyllyk şöhratly taryhyny, däp-dessurlaryny, milliligini öwrenmek, geljekki ýaş nesillere ýetirmek ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Nurjemal NEPESOWA,

Aşgabadyň dokma toplumynyň

Magtymguly adyndaky IÝG-niň

sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar