TÜRKMENIŇ UÇAR GANATY

Halkymyzyň geçmiş taryhyna, milli mirasymyzyň dürdänesi hasaplanýan halk döredijiligimiziň görnüşleriniň islendigine ýüzlenenimizde hem türkmeniň uçar ganaty hasaplanýan bedewlerimiz bilen baglanşykly adalgalara näçe diýseň duş gelmek bolýar. Bu zatlaryň özi bolsa türkmen topragynyň has ir döwürlerden bäri ýyndamlykda, owadanlylykda deňi-taýy bolmadyk, ýelden ýüwrük gamyş gulak bedewleriň ösdürilip ýetişdirilýän mekanydygyndan habar berýär. Mysal hökmünde alyp görenimizde ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni gymmatlyklarynyň sanawyna girizilen “Görogly” şadessanyny alyp göreliň. Şa dessanda başdan aýak Görogly begiň ýakyn syrdaşy wepaly dosty, meşhur aty Gyrat bilen baglanşykly wakalar eriş-argaç bolup geçýär. Şadessanyň başy “Göroglynyň döreýşi” şahasy  Görogly begiň atasy Jygalybegiň hem meşhur seýis bolandygy dogrusynda maglumat bilen başlanýar. Diňe şujagaz maglumatyň özi hem türkmen topragynyň atçylygy ösdürmekde meşhur ülke bolandygyny subut edýär. Garaňky görden ýagty dünýä çykan bäbejigiň oguldygy anyklanandan soňra bu bäbegi nädip tutmaly diýlende hem bir atyň eýerine ýelim çalyp goýmaly diýlen maslahatyň oňlanylmagy, entek agy-garany saýgarmaýan bäbejigiň hem şol eýere münüp oýnamagy hem tötänlikden däl bolmaly. Atçylyk, seýisçilik bilen meşgullanmak, aty wepaly ýoldaş hasaplamak ata-babalarymyzyň ganyna siňen, nesilden-nesile geçip gelen inçe sungat derejesine göterilen milli aýratynlyklarymyzyň, ajaýyp ýörelgelerimiziň biridir. Goşa görejinden jyda düşen goja seýisiň öz agtyjagy bilen ýagydan gaçyp gelýärkä agtygyndan kowgydaky atlaryň reňklerine seredip ýol saýlap bermegi, Üçgümmez dagynyň eteginde çatmada mesgen tutanda täze dünýä inen taýy sypalap-sermeläp ideginiň ýetirilişine baha bermegi paýhasly gojanyň seýisçilik sungatynyň ussady bolan halypa seýis bolandygyny aňladýar. Röwşeniň pirlerden dileg edeninde özi bilen bilelikde atyna hem ýüz ýigrimi ýaş dilemegi onuň özüne iň ýakyn, wepaly ýoldaş, syrdaş diýip Gyraty saýlanyny görkezýär. Diňe bular hem däl şadessanyň islendik şahasynda hem Gyrat Görogly beg bilen bile hereket edýär. Görogly begiň Gyraty bilen Gürjüstan ýurduna eden saparynyň dowamynda ýolunyň toýuň üstünden düşüp Gyratyň çapyşyga goşýan pursaty, Gyratyň üstünligine uly iliň geň galdyrmagy hem has gadym döwürlerde hem türkmen bedewleriniň ýyndamlykda deňsiz-taýsyz bolandygynyň janly subutnamasy bolmak bilen okyjyda ahal-teke bedewlerine bolan buýsanjy artdyrýar. Arapreýhanyň eline ýesir düşeninde hem ol Göroglyny ýalňyz taşlamaýar. Onuň halas bolmagynda esasy oruny tutýar. Keseki ýurtlaryň han-begleriniň arasynda hem Görogly beg bilen deň derejede Gyratyň at-owazasy alyslara ýaýrap, olarda Gyraty ele salmak, şeýdip Görogly begi öz ýakyn dostundan jyda düşürip, güýçden gaçyrmak meýili döreýär. Hilegärlik bilen Gyrat ogurlananda hem Görogly beg öz wepaly dosty üçin kän-kän kynçylyklara, muşakgatlara döz gelip Gyratyny yzyna alýar. Halkymyzyň we beýleki halklaryň ençemesiniň söýgüli eseri bolan “Görogly” şadessanyny okan her bir adamyň göz öňünde biygtyýar Gyrata atlanan gerçek Goç ýigit-Görogly beg janlanýar. Hiç bir adam hem Görogly begi Gyratsyz göz öňüne getirip bilmeýär.

Ine bu günki günde Görogly begiň Watany saýylýan gadym Çardagly Çandybilde-Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda arassa ganly ahal-teke bedewleriniň tohumlarynyň köpeldilmegi üçin aýratyn tagallalar edilýär. 2010-njy ýylyň awgustynda Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Ynha şol Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegine 15 ýyl dolýar. Bu şanly wakanyň hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy toýlanýan ýylyna gabat gelmegi hem örän uly ähmiýete eýe bolmak bilen bu ýylymyzda behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratynyň dünýä ýüzündäki şöhratynyň artdyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işlere uly itergi berýär.

Aýlawlarymyzyň bezegi, halkymyzyň uçar ganaty hasaplanýan türkmen bedewleriniň toýy toýlanýan günlerinde bu milli baýramçylyk bilen ähli türkmen halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn! Toýlarymyz toýlara ulaşsyn, halkymyzyň ösüşleriniň nusgasy hasaplanýan ahalteke bedewlerimiziň at-owazasy bütin dünýä ýaýylsyn!

Kakabaý DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň esasy hünärmeni.