Golaýda Lebap welaýatynyň Ruhyýet köşginde Lebap welaýatynyň jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň bütin dünýäniň parahatçylygy ugrundaky alyp barýan işlerinde ruhlanyp, 2025-nji ýylyň aprel aýynda hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa döwletine amala aşyran iş saparynyň çäklerindäki taryhy wakalaryň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, gurnamagynda “Ösüşiň kämil ýoluna tarap” ady bilen “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşlige Lebap welaýat häkimliginiň baş hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aman Hezziýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň bölüm müdiri Yhlas Geldimyradow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy Maýsa Muhyýewa hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň sanly ulgamynyň esasy hünärmeni Leýla Amanowa dagylar gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa döwletine amala aşyran iş saparynyň çäklerindäki taryhy wakalar baradaky täsirli gürrüňleriň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.
Leýla AMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat
Geňeşiniň umumy bölüminiň sanly
ulgam boýunça esasy hünärmeni.