Golaýda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Soltanýazgala Geňeşliginiň Seýitnazar Seýdi ýadygärliginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet we bilim bölüminiň bilelikde guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda türkmen Bedewiniň Milli baýramyny dabaraly belläp geçmek maksady bilen «Atym bar ganatym bar» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda ussat aýdymçy sazandalar, tans we folklor toparlarynyň milli öwüşginli ahalteke bedewlerimizi wasp edýän çykyşlary aýratyn täsirli boldy. Şeýle-de dabarada Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň türkmen bedewini birkemsiz wasp edýän surat sergileri, atşynaslyk we seýisçilik sungatyna degişli ajaýyp sergisi hem gurnaldy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar şan-şöhraty dünýä dolan türkmeniň uçar ganaty, wepadar dosty hasaplanýan Ahalteke bedewlerimiziň abraýyny has-da beýgeldýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýtdylar.
Aýjan ALLABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Saýat etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.