TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA

Ýakynda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň 31-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramagynda «Saglyga bolan söýgi ýaşaýşa bolan söýgüdir» atly “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin döredilýän mümkinçilikleri belläp geçdiler. Şeýle-de, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde raýatlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin döwrebap sport desgalary, sport mekdepleri hem-de döwrebap stadionlaryň gurlup ulanylmaga berilmegi, olardan ýaşlaryň netijeli peýdalanmaklary dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda duşuşyga gatnaşanlar Garaşsyz, Baky Bitarap ýurdumyzyň abraýyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak bolmagyny, il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýaraş HAÝYTOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Halaç etrap

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

03 Iýun 2025 | 0 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI

03 Iýun 2025 | 0 okalan

SPORT KÄMILLIGE BADALGA

03 Iýun 2025 | 0 okalan

HOŞ GAL EZIZ BAKJAM